Öý | Biz barada | HT, ZG we DGG
HOWPSUZLYK TEHNIKASY, ZÄHMET GORAGY WE DGG
Howpsuzlyk tehnikasy
Biz siziň howpsuzlygyňyz we siziň abadançylygyňyz barada alada edýäris we alada ederis
Her bir taslamadan başlap, öndürilýän gurluşyň her bir tonnasyna çenli, biziň işgärlerimiziň, jemgyýetiň we daşky gurşawyň goragy biziň edýän zatlarymyzyň hemmesiniň esasynda ýatyr. Biz hemme zatdan ýokarda howpsuzlyga ymtylýarys. Biz üçin hiç bir taslama, eger ol howpsuz gurulmadyk bolsa üstünlikli bolup bilmez. Biz degişli meýilleşdirmegiň we okatmagyň, işgärleriň çekilmeginiň we olaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň kömegi bilen, şeýle hem hemmeleriň iş ýerlerini gelendäki ýaly terk etmegini kepillendirýän hemişelik hüşgärlik bilen ähli betbagtçylykly ýagdaýlaryň öňüni alyp bolar diýip hasaplaýarys.
«Howpsuzlyk» – bu biziň medeniýetimiziň möhüm daşydyr. Biziň kompaniýamyzyň howpsuzlyk maksatnamasy biziň işgärlerimiziň we biziň hyzmatdaşlarymyz-potratçylaryň ählisi üçin ýokary howsuz iş gurşawyna ýetmek üçin dolandyryşy we gönükdirmäni üpjün edýär. Bizde howpsuzlyk bilen baglanyşykly meselelere üýtgewsiz ýol berip bolmazlyk syýasaty bar.
«Üznüksiz okuw» – ýokary habarlylyk gurluşyk ýa-da önümçilik işine çekilen her bir işgär üçin onuň iş ýerine we eýeleýän wezipesine bagly bolmazdan üýtgewsiz talap bolup durýar, we biz muňa biz tarapdan ähli taslamalarda ulanylýan howpsuzygyň yzygider syýasaty we işi arkaly ýetýäris. Biziň işgärlerimiz howpsyzlyk çygrynda iň täze işläp taýýarlamalar boýunça hemişe okadylýar, bu bolsa bize kompaniýada howpsuzlyk medeniýetini döretmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa olar üçin adaty iş gurşawyna öwrülýär. Biziň tehniki howpsuzyk boýunça menejerlerimiz her bir taslama boýunça onuň aýratynlygyny hasaba almak bilen abrybaşga ýörite maksatnamalary döredýärler.
«Howpsuzlyk çygrynda öňdebaryjy tejribeleriň alşylmagy» – biz biziň ähli müşderilerimiziň, hyzmatdaşlarymyzyň we hyzmatdaş-potratçylaryň arasynda iň oňat tejribeleri alyş-çalyş edýäris. Bu kompaniýada ylalaşyjylyga we hemişe oňatlaşmaga ýardam edýär. Biz özümiňiziň howpsuzlyk boýunça korporotiw ýolbaşçykygymyzda beýanyny tapýan howpsuzlyk düzgünlerini we ýagdaýlaryny hemişe işläp taýýarlaýarys we täzeleýäris.
Zähmet goragy
Howpsuzlyk – biziň saýlanymyz
Howpsuzlyk – bu diňe bir iş borjumyz däl, eýsem biziň ahlak borjumyzdyr. Bu zähmet işiniň barşynda işgärleriň janyny we saglygyny gorap saklamak ulgamydyr. Biziň kompaniýamyzyň her bir işgäri gurluşyk meýdançasyndan taslamanyň ýolbaşçylaryna çenli biziň kompaniýamyzyň “Howpsuzlyk ulgamy we howpsuzlygy dolandyrmak” ähli bölekleriniň berjaý edilmegi we berjaý edilmeginiň üpjün edilmegi üçin şahsy jogapkärçiligi çekýär.
Biz Zähmet goragynyň esasynda, edil islendik korporatiw ulgamyny we işewürligiň medeniýetini gurmagyň esasynda bolşy ýaly, biziň gyşarnyksyz berjaý edýän we ylalaşyksyz ýerine ýetirýän gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň ýatmalydygyna ynanýarys.
Daşky gurşawyň goragy
Durnukly we joşgunly ösüş biziň çemeleşmämizi kesgitlemek, biziň işgärlerimizi ugrukdyrmak we gejekki nesiller üçin daşky gurşawy goramak boýunça biziň işimizi emele getirmek bilen biziň kompaniýamyzyň ähli hereketi üçin esas goýujy ähmiýete eýedir. Biz öz pudagymyzda we biziň ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan ykdysady, durmuş we ekologik çygyrlarynda iň ýokary netjijeleri gazanmakda öz ornumyza buýsanýarys. Biziň missiýamyz we gymmatlyklarymyz bizi ykdysady ösüşe we durmuş integrasiýasyna, daşky gurşawyň goralmagyna, fiziki we sanly howpsuzlyga we durmuş şertleriniň oňatlaşdyrylmagyna gönükdirlen biziň maksatlarymyza alyp barýar. Işi howpsuz we jogapkärçilikli alyp barmak adatdan daşary ähmiýete eýedir.
Planetanyň tebigatyny gorap saklamak bilen biz geljege serdýäris
Ol biziň daşky gurşawa zyýan ýetirmezlik babatyndaky syýasatymy bilen üpjün edilýär we biziň daşky gurşawa täsirimizi dolandyrmagy we hünär ynsaplylygyny we açyklygyny berjaý etmegi öz içine alýar. Taslamanyň maksatlaryna, onuň degişli boljak pudagynda maksadyna bagly bolmazdan, onuň durmuşa geçirilmeginden öň biz kesgitlenen ýeriň florasynyň ýa-da faunasyna üýtgetmeleriň boljakdygy ýa-da bolmajakdygyny, gidrologik tertibiniň bozuljakdygy ýa-da bozulmajakdygyny we işledilende onuň ýerleşjek gurşawyna nähili uzak möhletleýin täsiri berjekdigini seljerýäris we jikme-jik öwrenýäris.
Biz tarapyndan ykdysady jähte aýratyn üns daşky gurşawy goramak boýunça kabul edilýän çäreler bilen gurluşykda taslamanyň durmuşa geçirilmegine berilýär. Bu bize topraga, atmosfera we suwuň ýagdaýyna gurluşykda ulanylýan enjamlar, gurluşlar we ýörite tehnika bilen ýetirilýän zyýany azaltmaga mümkinçilik berýär. Daşky gurşawa zyýanyň ýetirilmeginiň öňüni almak üçin biz tarapyndan çäreler işlenilip taýýarlanylanda indiki ýagdaýlar göz öňünde tutulýar:
-
Ýöriteleşdirlen tehnika bilen gaýtadan işlenilen gazlaryň atmosfera zyňylmagy.
-
Desgada işleýän gurluşlaryň topraga dinamiki täsiri.
-
Gidrologik tertibiň bitewiliginiň bozulmagy.
-
Işleriň geçirilmeginde galyndylaryň we zir-zibilleriň bolmagy we olaryň utilizasiýasy.
-
Topragyň akym suwlar bilen hapalanmagy.
-
Sepilýän gurluşyk materiallarynyň bölekleri bilen tozanyň zyňylmagy arkaly atmosferanyň hapalanmagy.
Hapalanmagyň öňüni almak we ekoulgamyň deňagramlylygyny dikeltmek üçin rekultiwasiýa ulanylýar. Agyr tehnikanyň we enjamyň işiniň topraga täsirini azaltmak üçin wibrasiýany ýatyrmak boýunça desga ulanylýar.
Dikeldilýän taslamanyň çäklerindäki meýdanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin çykylýan ýerlerde mobil awtoýuwujylar gurnalýar. Taslamanyň çäginden daşyna hapa ulagyň çykmagy düýbünden gadagan edilýär.
Zir-zibiller we gurluşyk galyndylary çykarylýar we ýörite aýrylan meýdanlarda utilizasiýa edilýär, ýa-da ikilenç ulanmak maksady bilen gaýtadan işlemek üçin berilýär.
Biziň pudagymyzda işiň ekologik howpsuz we jogapkärçilikli alnyp barylmagy adatdan daşary möhüm ähmiýete eýedir. Biz öz işimiz, öz gatnaşygymyz we saýlawymyz bilen aýawly gurlyşygyň 21-nji asyrda biziň pudagymyzyň kadasy bolup, geljekki nesiller üçin tebigatyň we ekologiýanyň gorap saklanmagy maksady bilen ähli kompaniýalaryň medeniýetine durnukly we sarsmaz düzgünleri girizmeginde görelde bolýandygymyza guwanýarys.
Biziň howpsuzlyk gymmatlyklarymyz we ýörelgelerimiz
«Gürle we diňle» – biz howpsuzlygyň biziň edýän işimize goşmaça däl-de, eýsem, biziň nähili işleýändigimiz bolup durýandygyna düşünýäris. Biziň okuw maksatnamalarymyz işgärlere işiň howpsuz bolmadyk usullaryny haýal edmän ýüze çykarmagy we düzetmegi öwredýär.
«Oňat okuw» – her günde we her hepdede howpsuzlyk boýunça geçirilýän ýygnaklara goşmaça, ýolbaşçylar taslamalarda iş orunlarynyň howplylygyny seljermegi ulnanmak, taslamanyň her bir bölegine howpsuzlygy integrirleýän gurallary ulanmak bilen işgärler barlaýarlar we okadýarlar.
«Barlamak we öňüni almak» – auditler, inspeksiýalar we iş meýdançalarynyň gündelik barlanmagy, hünär derejesindäki auditler şikesleriň alynmagyny we betbagtçylykly ýagdaýlaryň ähtimallygyny ulgamlaýyn azaldýar. Biz ymtylmany seljermek we öňdebaryjy tejribäni alyşmak bilen howpsuzlygy hemişe oňatlaşdyrýarys.
«Howpsuzlyk gatnaşyklaryň esasynda» – howpsuzlyk – taslamalar däl-de bu adamlardyr. Howpsuzlyk – bu statistika däl-de taryhdyr. Biz töwekglçiligi dolandyrmalydyrys!
«Howpsuzlyk – bu adamlar» – biziň igärlerimiz biziň gymmatly aktiwlerimiz bolup durýar, şol sebäpli hem biz olaryň işjeň gatnaşmagyny gazanýarys we öz işlerimiziň howpsuz ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekýäris.
«Howsuzlyk betbagtçylykly wakalaryň öňüni alýar» – Biz öz kompaniýamyzda okuwlary yzygiderli geçirýäris we täze we ýaş işgärlere howpsuzlygyň we betbagtçylykly wakalaryň öňüni almagyň möhümdigi barada habar bermäge çalyşýarys.
«Howpsuzlyk ýokardan başlaýar» – ýolbaşçylaryň jogapkärçiligi we howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gurluşlaýyn çemeleşme biziň howpsuzlyk medeniýetimiziň esasy düzüm bölekleri bolup durýar. Biz diňe bir howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmän, eýsem ösüp geçmäge çalyşýarys.
«Muny dogry etmek üçin howlukmaň» – Howpsuzlyk hemişe we hemme ýerde birinji ýerde durýar. Biziň howpsuzlygyň zerur bolan çärelerini berjaý etmegimize wagtymyzy we serişdelerimizi sarp etmezligimiz üçin hiç bir iş gyssagly bolup durmaýar.