Biziň kompaniýamyz doly senagata we önümçilik kuwwatlyklaryna eýedir, bu bolsa bize olaryň ugurlaryna bagly bolmazdan hem raýat desgalarynyň we ýerüsti senagat infrastrukturasynyň gurluşygy üçin, hem deňiz gämileri, deňiz platformalary we kenarýaka gurluşlar üçin bir wagtda birnäçe taslamalara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.
Biz gurluşlary polat listinden, konstruktiw bölekleriň standart profillerini, turba geçirijilerini we çylşyrymly modully ýygnamalary öndürýäris. Biziň enjamlarymyz aýry düzüm böleklerini taýýarlap ýa-da uly ýygnama düwünlerini üpjün edip, şeýle hem nusgalyk oturtmalary ýerine ýetirip we iri ýygnamalary deňeşdirip biler. Biz şeýle hem akymly gaýtadan işlemäni, kebşirlemekden soň ýylylyk bilen işlemegi, dargadmaýan barlag usullary bilen synagy we boýagy ýerine ýetirýäris.
Turba geçirijileriniň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy
Bu turba, bogun, troýnik, flanesler we beýlekiler ýaly turba geçirijileriniň düzüm böleklerini turba geçirijileriniň inžener ulgamyna biziň müşderilerimiziň taslama talaplaryna takyk laýyklykda kebşirleme işi.
Biziň Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşen önümçilik desgalarymyz iň häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýagdaýlaryny ulanýarlar, zerur bolan ýagdaýynda biziň göçme önümçilik ulgamymyz gysga möhletde zerur bolan desga göçüp barmaga ukyplydyr. Biz size turba geçirijiler üçin doly çözgüdi teklip edip bileris:
-
Häzirki zaman awtomatlaşdyrlan kebşirleýiş işleri.
-
Induksion we sowuk egreltme.
-
Robotlaşdyrlan kesme we kebşirleme.
-
Içerki akymly gaýtadan işlemek we boýamak.
-
Barlagyň dargadmaýan usullary bilen synag we ýylylyk taýdan işlemek.
-
Hakyky wagt tertibinde yzarlamak.
-
Reňkli ştrih kodlaryny goýmak.
Biziň çözgütlerimiz dürli senagat pudaklary üçin açyk atmosferada saklamak ulgamyny hem öz içine alýar
Häzirki zaman taslamalasy taýýarlanylýan ätiýaçlyk çelekleriniň köpüsi uglerodly polatdan ýasalandyr. Ýöne biz şeýle hem, müşderileriň ýörite talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ätiýaçlyk çeleklerini alýumin, poslamaýan polat ýa-da ýörite polat ýaly şoňa meňzeş materiallary ulanmak bilen hem öndürip bileris.
Biziň tejribämiz, tehniki mümkinçiliklerimiz we gurluşyk çeşmelerimiz bize biziň müşderilerimiz üçin saklamak we ajaýyp netijeleri üçin çözgütleriň giň göwrümini teklip etmäge mümkinçilik berýär.
Biz takyk zerurlyklar üçin saklamagyň standart konfigurasiýasyny ýa-da hususy taslamalaşdyrmak ulgamyny hödürläp bileris.
Bellige alnan gapakly ätiýaçlyk çelekleri:
-
özi alyp gidýän saklanylýan konus gapaklary;
-
özi alyp gidýän gümmez gapakly;
-
gaty saýawan gapakly.
Ýüzýän gapakly ätiýaçlyk çelekleri:
-
içki we daşky;
-
kebşirleýji polatdan iki gat düýpler;
-
ponton;
-
iki palubaly.
Ýörite atmosfera ätiýaçlyk çelekleri:
-
ýokarsy açyk ätiýaçlyk çelekleri;
-
konus şekilli düýbi bolan ýokary galdyrylan ätiýaçlyk çelekleri;
-
mäjum ätiýaçlyk çelekleri;
-
bunkerler.
Saklamak ätýaçlyklarynyň we ýokary basyşly ätiýaçlyklaryň taýýarlanylmagy
Biz ätiýaçlyklaryň taslamalary üçin hyzmatlaryň toplumlaýyn bukjasyny hödürleýäris, ol öz içine taglumatyň kesgitlenilmegini, taslama taýýarlamagy we jikme-jik taslama taýýarlamagy, taýýarlamagy, satyn almagy, meýdançanyň işlenilip taýýarlanmagyny, binýadyň we ätiýaçlygyň gurluşygyny, reňklemegi we örtgüleri örtmegi, ulanylmaga berilmegini we işe girizmegi, şeýle hem operatorlaryň okadylmagyny öz içine alýar.
Biziň taslamalarymyz ähli zady öz içine alýar: aýratyn ätiýaçlyk çeleklerinden çylşyrymly ammar terminallaryna çenli. Nebit we gazy, energiýany, suwy we akym suwlaryny saklamak üçin, şeýle hem metallurgiýa we gazylyp alynýan senagat üçin biziň çözgütlerimiz öz içine alýar:
-
daşky gurşawyň temperaturasyndan saklamak üçin ätiýaçlyk çelekleri;
-
sepilýän materiallary saklamak üçin terminallar;
-
kriogen önümleri üçin ätiýaçlyk çelekleri we terminallar;
-
suwuklandyrylan tebigy gazy saklamak üçin ätiýaçlyk çelekleri;
-
ätiýaçlyk çelekleri we ýokary basyşly sferalar;
-
ýylylyk energiýasyny saklamak üçin ätiýaçlyk çelekleri;
-
suwy saklamak üçin ätiýaçlyk çelekleri.